HYZMATLAR
MAÝAM eltip bermek hyzmaty bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň çäginde ýokary hilli himiki taýdan arassalaýyş, geýimleri ýuwmak we ütüklemek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda hyzmatlarymyzyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen tehnologiýa bilen aýakdaş gitmek üçin enjamlary täzelemek boýunça maýa goýumlary goýduk. MAÝAM DLI International ® bilen hyzmatdaşlygy saklap hemişe täze tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy bolmaga çalyşýar
HIMIKI TAÝDAN ARASSALAÝYŞ
Biziň ähli berýän hyzmatlarymyz müşderimiziň bähbidi üçindir. Müşderilerimize berilýän hyzmatyň hili biziň biznesimiziň başynda durýar. MAÝAM geýimleri ýokary hilli himiki taýdan arassalaýyş, ýuwmak we jemleýji işläp taýýarlaýyş hyzmatlaryny bermek üçin pudakda dünýäniň lider kompaniýalarynyň enjamlaryny ulanýar. Biziň toparymyz geýimleriň işlenip taýýarlanmagy boýunça häzirki zaman serişdeleriniň ulanylýan degişli ýuwuş usulyny kesgitlemek üçin geýimleriňizde etiketkalary ulanýar.
ÖÝ GOŞLARY
Şeýle hem biz ýorgan we düşek ýaly öý goşlaryny hem arassalamak hyzmatyny hödürleýäris. Olaryň käbirleri himiki taýdan arassalaýyşa iberilse (ýorganlar), käbirleri düşekler ýaly beýleki goşlar olaryň ter görnüşini we şekilini saklamak üçin ýuwulmaga iberilýär. Bu goşlar zerur bolan ýagdaýynda we Siziň islegiňiz boýunça ütüklener.
KÖÝNEKLER
MAÝAM, iş köýnekleriňiziň täzeje görünmegini üpjün edýän özboluşly prosesi ulanýar. Her köýnek ünsli ýuwular, ýörite salkynladyjylar bilen işlener we ýokary hilli enjamlarda ütüklener. Ütüklemek hyzmatynyň tizliginiň we hiliniň tapawudyny hut özüňiz gelip görüň.
TEGMILLERI AÝYRMAK
Biziň hünärmenlerimiz ýuwmazdan öňürti geýimlerde tegmilleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny tutuşlygyna barlaýarlar. Tegmiller, himiki taýdan arassalaýyş enjamyna iberilmezden öňürti işlenýär. Maslahat berilýän arassalaýyş usullaryna berk durup biljekdigine göz ýetirmek üçin geýimler öňünden ünsli barlanýar. Tegmiller ýörite stoluň üstünde aýrylýar, munuň üçin zerur bolan ýagdaýynda bug, gysylan howa, wakuum we ýokary hilli tegmil aýyryjy serişdeler ulanylýar.
TOÝ KÖÝNEKLERI
Toý köýnegi – adamyň durmuşynda bolup geçýän iň möhüm we ajaýyp geýim hasaplanýar. MAÝAM, Size toý köýnekleriňizi ýuwmak we ütüklemek boýunça ajaýyp hyzmaty kepillendirýär. Biziň toparymyz toý köýnekleriňize has ünsli ideg etmek boýunça köp ýyllyk tejribä we bilimlere eýe bolup durýar.
TUTULAR
Himiki taýdan yzygiderli arassalamak bilen tutularyňyz öz täzeligini saklamak bilen has uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün eder. Hünärmenlerimiz tutularyňyzda tegmilleri aýyrmak üçin olaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny gözden geçirerler, soňra bolsa tutularyňyzy himiki taýdan arassalamagy ýa-da ýuwmagy üns bilen geçirerler. Eger-de tutularyňyz ýörite idege zerur bolsa, bu hakda bize habar bermegiňizi haýyş edýäris.
ELTIP BERMEK HYZMAT
Öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden zatlary alyp, soňra bolsa size eltip bermek üçin işleýän ýörite kurýerlerimiz bar. + 99363-6092222 telefon belgisine jaň etmek arkaly ýa-da info@mayam.co elektron salgysyna hat ibermek arkaly öz sargytlaryňyzy berip bilersiňiz.
AÝAKGAPLARY WE SUMKALARY ARASSALAMAK
Siz öz gymmat bahaly aýakgaplaryňyzy, krossowkalaryňyzy we sumkalaryňyzy arassalamak üçin biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyp bilersiňiz. Biziň hyzmatymyzdan soň siziň zatlaryňyz Size täze we arassa görnüşde gaýdyp geler.
ÝÖRITE HYZMATLAR
Siz goşmaça hyzmatlar gerekmi? Hünärmenlerimiz geýimleriňizdäki ýakymsyz yslary (oduň, tüssäniň ýa-da çilimiň ysy) aýyrmaga ýardam berer - Size kömek etmekden hoşal bolarys.