top of page

BIZ HAKYNDA

Taryhymyz. MAÝAM – ýokary hile we müşderilere hyzmata gönükdirilen hususy kompaniýa bolup durýar. Kompaniýanyň taryhy 2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki sebitleriň müşderileri üçin ýokary himiki taýdan arassalaýyş we ýuwmak hyzmatlaryny bermek bilen başlady. MAÝAM kompaniýasy Aşgabat şäherinde himiki taýdan arassalaýyş we eltip hyzmatlaryny hödürlemek boýunça täze pikirleri we tehnologiýalary öz işlerine girizýär. Biziň toparymyz berlen hyzmatlardan hoşal boljakdygyňyzy kepillendirýär



Biziň wezipämiz we maksadymyz. Arassalamak,  tämizlemek we kir ýuwmak işlerine özüňiziň gymmatly wagtyňyzy sarp  etmäň, siziň ornuňyza ony biz ederis. Durmuşdan lezzet alyň (doly maksadymyz). 



Biziň görüşimiz. Siziň ajaýyp görünmegiňiz üçin dürli hyzmatlaryň giň gerimini hödürlemek bilen biz müşderilerimizi kanagatlandyrmaga çalyşýarys - muny hem öz işimiz hasaplaýarys. Müşderilerimize ýokary hilli hyzmat bermekde täze tehnologiýalary ulanmak üçin hemişe öňde durmaga synanyşýarys. Bu işler hem  MAÝAM kompaniýasyny Türkmenistanda himiki taýdan arassalaýyş we ýuwuş hyzmatlary boýunça iň täsirli kompaniýa öwürýär.



Her bir müşderi hakda alada edýän topar. MAÝAM ýokary hilli hyzmatlary bermäge höwesli we tejribeli işgärleri özünde saklaýar. Hyzmatlarymyzdan 100% kanagatlanmagy üpjün etmek üçin her bir müşderä aýratyn üns berilýär.



Eltip bermek hyzmatlary. Öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden zatlary alyp, soňra bolsa Size eltip bermek üçin işleýän ýörite toparymyz bar. Hünärmenlerimiz zatlaryňyzy iň tiz we amatly ýagdaýda alyp we eltip bererler. 





© 2016 by MAẎAM DRY CLEANERS. 

  • Line-Logo-1
  • Vkontakte Social Icon
  • Facebook Classic
  • Twitter Classic
  • Odnoklassniki Social Icon
bottom of page