top of page
Search

“MAÝAM” himiki arassalaýyş salony hyzmaty aňsatlaşdyrýar

Writer's picture: MAÝAMMAÝAM

Updated: Jul 5, 2020

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “MAÝAM” himiki arassalaýyş hyzmatlary salony öýden hem-de ofisden alyp gitmek we getirmek hyzmatyny hödürleýär.


“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde “MAÝAM” himiki arassalaýyş hyzmatlary salonynyň direktory Maýa Myradowa ähli egin-eşikleriň we tekstil önümleriniň himiki arassalaýyş, ýuwmak we ütüklemek hyzmatlaryny hödürleýändigini aýtdy.

“100 manatdan ýokary bolan sargytlary öýden hem-de ofisden alyp gitmek we getirmek hyzmatyny hödürleýäris” diýip, telekeçi Myradowa belledi.


Telekeçi zenanyň aýtmagyna görä, himiki arassalaýyş işlerini amala aşyrmakda Italiýanyň “Penzacci”, “Pony”, Ýaponiýanyň “Sankosha”, Germaniýanyň “Bufa” kysymly himiki arassalaýyş enjamlary ulanylýar.


MAÝAM” salony 2014-nji ýylda döredilip, 2015-nji ýyldan bäri himiki arassalaýyş “The Drycleaning & Laundry Institute” (DLI) assosasiýasynyň agzasydyr.


Telekeçi Maýa Myradowa telekeçileriň arasynda şu ýyl “Ýylyň telekeçi zenany” ugry boýunça bäsleşikde III orna mynasyp boldy.


22 views0 comments

Comments


© 2016 by MAẎAM DRY CLEANERS. 

  • Line-Logo-1
  • Vkontakte Social Icon
  • Facebook Classic
  • Twitter Classic
  • Odnoklassniki Social Icon
bottom of page