top of page

Aksiýalar

Address: Joşgun Söwda Merkezi, Bitarap Türkmenistan 108, Aşgabat, Türkmenistan

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: + 993 12 218952 ýa-da +993 63 609222

email: admin@mayam.co
Täzelikleri almak üçin biziň jemgyýetçilik ulgamlardaky sahypalarymyza ýazylyň:

  • Instagram
  • Facebook
  • TikTok
  • YouTube
  • Twitter
  • Odnoklassniki
  • Vkontakte

BIZIŇ ALYP BARÝAN IŞLERIMIZ

MAÝAM geýimleriň ýokary hilli himiki taýdan arassalaýyş, ýuwulmagy we ütüklenmegi boýunça hyzmatlary hödürleýär we Siziň salgyňyza eltip berýär! Biz – pudagyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny ulanmak bilen ýokary hilli himiki taýdan arassalaýyş hyzmatlaryny, şol sanda Siziň öýüňize ýa-da iş ýeriňize geýimleri eltip bermek üçin iň ajaýyp hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýän kompaniýa bolup durýarys. Şol sanda, biz tutulary MUGT aýyryp hem-de ýuwlandan soň ýa-da himiki taýdan arassalanandan soňra olary asyp berýäris. 

HARYT NYŞANY

MAÝAM haryt nyşanyň şahadatnamasy №14610 Turkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça dowlet gullugy tarapyndan 9-nji marta 2018 ý. berilen.

DLI Member
YHLAS WE HIL 
 

Biziň ähli alyp barýan işlerimiz – müşderimiziň bähbidi üçindir. Biziň müşderilerimiz we olar bilen gatnaşyklarymyz biziň işimiziň düýp esasy bolup durýar. Biziň iş toparymyz her bir müşderä aýratyn üns bermek bilen bilelikde, pudakda bäsdeşlige ukyply bahalarda ýokary hilli hyzmatlary bermäge çalyşýar. Müşderilerimize ýokary derejede hyzmatlary bermek üçin biz hemişe hyzmatlarymyzy has hem gowulandyrmagyň we işimizi alyp barmagyň täze ýollaryny tapmagyň ugrunda iş alyp barýarys. MAÝAM ýokary hilli hyzmatlary bermek üçin pudagyň dünýä belli liderleriniň enjamlaryny ulanýar.

WEPALYLYK MEÝILNAMASY 

 

MAÝAM wepalylyk meýilnamasy müşderilerimize minnetdarlyk nyşany hökmünde girizildi. MAÝAM himiki taýdan arassalaýyş hyzmatynda bilen himiki taýdan arassalaýyş we ýuwmak üçin sarp eden serişdeleriňiziň ählisi, bal görnüşinde  hasaba alnyp, Siz sargytlaryňyzy tölemek üçin ulanyp bilersiňiz. Wepalylyk kartlary islege görä berilýär. Ballary ýygnamak üçin MAÝAM kartyňyzy her sargydyň başynda görkeziň (programma arzanladylýan hyzmatlar üçin degişli däldir). MAÝAM wepalylyk meýilnamasyna goşulyň, we Siz biziň arzanladyşlarymyz we beýleki möwsümleýin aksiýalarymyz hakynda maglumat alyp bilersiňiz.

DLI AGZASY 

   

MAÝAM, geýimlere ideg etmek hyzmaty boýunça dünýäde öňdebaryjy gurama bolan DLI International® himiki taýdan arassalaýyş we ýuwuş hyzmatlary boýunça halkara instituty bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýar.  Kanuny we kadalaşdyryjy syýasatlary, bilim, iş taýýarlyk, maglumat, geýimleriň derňewi, gözleg işlerini işläp taýýarlamak bilen DLI öz agzalaryna ýokary derejede bolmaga ýardam berýän çözgütleri hödürleýär.

Подписаться на новости ~ Subscribe

bottom of page